18-nji noýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Naryn oblastynda güýji 4,3 bala deň bolan ýer sarsgyny hasaba alyndy diýip, ýurduň Milli akademiýasynyň Seýsmologiýa institutyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Institutyň maglumatlaryna görä, ýerasty sarsgynlaryň merkezi Naryn oblastynyň merkezinden 8 kilometrlik günorta-günbatarda ýerleşdi.
Tebigy hadysa netijesinde pida bolanlar we ýykylan bina ýok.