Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama oýunlarynyň çäginde Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bilen duşuşyp, garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
«D» toparçanyň çäginde Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji minutlardan hüjüm futboluny öňe sürdi.
Şeýlelikde, oýun doly derejede milli ýygyndynyň artykmaçlygynda geçdi. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Rahman Myratberdiýew (13-nji minut), Elman Tagaýew (53-nji minut) hem-de Meýlis Diniýew (78-nji minut) dagy tapawutlanmagy başardylar. Toparçanyň beýleki duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykdy.
Gazanan wajyp ýeňşinden soň Türkmenistanyň milli ýygyndysy 12 utuk toplady. Tailandyň milli ýygyndy topary hem geçiren duşuşyklarynda 12 utuk toplamagy başardy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Türkmenistanyň ýygyndy topary Aşgabatda geçirilen duşuşykda Tailandyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykmagy başarypdy. 6 utugy bolan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy toparçada üçünji, utuk toplap bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bolsa dördünji orunda ornaşdylar.
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary nobatdaky, aýgytly duşuşygyny myhmançylykda Tailandyň milli ýygyndysy bilen geçirer. 2026-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek bu duşuşykda ýygynda toparçadan çykmak üçin deňme-deň oýnamagyň hem ýeterlikdigini bellemek gerek.
Saýlama oýunlaryň çäginde 6 toparçanyň ýeňijileriniň Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alýandyklaryny ýatladýarys.
