Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhetýaka zolakda «Şawat — Daşoguz» söwda merkeziniň açylmagy iki ýurduň ykdysady taýdan ösmegi üçin güýçli itergi berer we telekeçilik üçin täze mümkinçilikleri açar. Bu barada türkmen telekeçileri taslamanyň işe girizilmegini teswirläp, «Нейтральный Туркменистан» gazeti bilen söhbetdeşlikde bellediler.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasy 17-nji noýabrda Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly Daşkentden geçirildi. Bu waka Türkmenistanyň Baştutanynyň Özbegistana bolan döwlet saparyna gabat geldi.
«Täze serhetýaka söwda zolagy işewürlik üçin hakyky sowgatdyr, sebäbi bu ýerde döredilen şertler kompaniýalaryň ösmegi, girdejiniň artdyrylmagy we ýurt içindäki, şeýle hem halkara derejedäki orunlaryň güýçlendirmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar» diýip, «Täç hil» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Täçmyrat Gurdow belledi.
Onuň sözlerine görä, bu köp telekeçiler üçin täze derejä çykmaga we öz işlerini has üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilikdir.
Telekeçi Orazgül Eýeberdiýewa döredilen şertleriň kärhanalaryň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigini nygtady. Telekeçi: «Bähbitli şertler önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyna gönüden-göni täsir eder, olary alyjylar üçin has özüne çekiji eder we täze eksport ugurlary üçin gapylary açar. Işewürlik üçin bu hakyky girdejiniň artmagyny we giňeldilmegini aňladýar» diýip belledi.
Şeýle hem O.Eýeberdiýewa bu zolagyň bilelikdäki kärhanalaryň we maýa goýumlaryň ösmegine itergi berip, tehnologiýa we tejribe alyşmaga ýardam etjekdigini nygtady.

«Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýetiniň direktory Kakamyrat Baýjanow taslamanyň köpugurly (multiplikasiýa) täsirine ünsi çekdi. Ol: «Söwda zolagynyň açylmagy serhediň iki tarapynda hem ykdysady işjeňligi, täze iş orunlarynyň döredilmegini, girdejileriň artmagyny, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegini höweslendirýär» diýip belledi.
Telekeçiniň sözlerine görä, ýerli önüm öndürijiler täze bazarlara girmäge, sarp edijiler bolsa bäsdeşlik ukyby bolan bahalardan has giň görnüşli harytlara elýeterliligi gazanarlar. K.Baýjanow bu zolagyň diňe bir söwda üçin däl, eýsem ýarmarkalary, festiwallary we medeni çäreleri geçirmek üçin hem meýdança boljakdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow açylyş dabarasynda täze merkeziň işewürlik hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança boljakdygyna we sebit ykdysadyýetiniň ösmegine, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we tutuş Merkezi Aziýanyň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Baştutany serhetýaka söwda zolagynyň nusgalyk taslama boljakdygyny, sebitde we goňşy ýurtlarda şunuň ýaly zolaklary döretmek üçin esas bolup hyzmat etjekdigini nygtady.
