2025-nji ýylda Pekinde geçirilen Bütindünýä Hytaý dili maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (CLEC) direktory bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän maglumata görä, taraplar Türkmenistanda hytaý dilini okatmak boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mugallymlaryň taýýarlygyna we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, Hytaýdan mugallymlary çekmek tejribesini dowam etdirmäge hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň görnüşlerini giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Duşuşykda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar: türkmen ýokary okuw mekdeplerine dil göteriji mugallymlary ibermek, hytaý dili merkezlerini ösdürmek we usulyýet goldawyny bermek, bilim lagerlerini we halkara ýaşlar maksatnamalaryny geçirmek, hytaý dilini öwrenmek we Hytaý uniwersitetlerinde okamak üçin stipendiýalary bermek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy bilelikdäki taslamalary giňeltmäge, şol sanda tejribe alyşmalary, onlaýn okuw kurslaryny we hytaýly hünärmenleriň gatnaşmagynda alyş-çalyşlary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 2023-nji ýylda birnäçe türkmen ýokary okuw mekdebi bilen gol çekilen ähtnamalaryň ýerine ýetirilişiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Ozal biz Bütindünýä Hytaý dili maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pekiniň halkara ylmy-gözlegler uniwersitetiniň (BISU) ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirendigi barada habar beripdik.
