Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda 2025-nji ýylda gaýtadan işlenilen nebitiň möçberi 450 müň tonna golaýlady. Geçen ýylyň degişli döwründe bu ýerde 376 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenilen eken. Bu ýylky öňegidişlik 70 tonnadan hem geçýär we zawodda 20 göterime golaý ösüş gazanyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde gaýtadan işlenen nebitden ýangyjyň dürli görnüşleri, nebit bitumy ýaly önümler alynýar. Gaýtadan işleýişdäki öňegidişlik önümçilige hem täsirini ýetirdi.
Geçen aýda zawod şu ýylda öndüren dizel ýangyjynyň mukdaryny 103,7 müň tonna ýetirdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,6 müň tonna köp diýmekdir. Zawodda geçen ýylyň 10 aýy dizel ýangyjynyň 97,1 müň tonnasynyň öndürilmegi bilen jemlenilipdi. Şeýlelikde, degişli döwürde 6,8 göterim ösüş üpjün edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde dizel ýangyjynyň L-05-62 görnüşi öndürilýär. Ýangyç diňe bir içerki zerurlyklary üpjün etmän, eksport bazaryna hem goýberilýär.
Geçen ýyl degişli döwürde 16,6 müň tonna nebit bitumyny öndüren zawodyň hünärmenleri 2025-nji ýyldaky önümçiligi 20 müň tonnadan geçirdiler. Şeýlelikde, geçen ýyldaky 4 müň tonna golaý köp önüm öndüren nebitçiler 23 göterime golaý ösüş gazandylar.
Mälim bolşy ýaly, kuwwatly zawodda nebit ýol bitumyny taýýarlamak boýunça döwrebap, innowasion tehnologiýa «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Tehnologik çözgütler nebitden dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýol bitumyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa türkmen nebitgaz bazarynyň täze sepgitlere giňelmegine ýardam edýär.
Zawod şu ýylda benzin önümçiliginde hem 11 göterime golaý ösüş gazandy. Has takygy, geçen ýylyň 10 aýynda ýokary hilli benziniň 193 müň tonna golaýyny öndüren nebitçiler şu ýyldaky önümçiligi 214 müň tonna ýetirdiler. Bu bolsa 21 müň tonnadan gowrak benziniň köp öndürilendigini görkezýär.
Edil şeýle öňegidişlikler suwuklandyrylan gaz önümçiliginde hem üpjün edildi. Ýylyň başyndan bäri 36,6 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüren hünärmenler geçen ýyldakydan 6 müň tonna önümi köp öndürdiler. Işiň ösüş depgini bolsa 20 göterime golaýlady.
