Daşkentde Özbegistanyň maýa goýum, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow bilen Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazardurdy Agahanowyň arasynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň işi boýunça amaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäginde geçirildi.

Taraplar bilelikdäki söwda merkeziniň iş şertlerini ylalaşdylar. Bu merkez haryt dolanyşygyny artdyrmak, milli önümleriň söwdasyny ilerletmek we serhetýaka telekeçiligi ösdürmek üçin ýörite meýdança bolup hyzmat eder, diýip Özbegistanyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrligi habar berýär.
Merkeziň umumy meýdany 6 gektar bolup, şonuň 3 gektary özbek bölegi, 3 gektary bolsa türkmen bölegidir. Zerurlyk dörän halatynda meýdan aýratyn halkara ylalaşygy arkaly giňeldilip bilner.
Iki ýurduň raýatlary serhetýaka söwda merkezine wizasyz baryp bilýärler.

Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyşy iki ýurduň telekeçilerine harytlaryň erkin söwdasyny amala aşyrmak, umumy infrastrukturadan we ýönekeýleşdirilen düzgünlerden peýdalanmak mümkinçiliklerini berer, diýlip habarda bellenilýär.
Bellenilişi ýaly, Daşkentde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň iş ugurlaryny kesgitleýän hökümetara Ylalaşyga gol çekildi.
