Türkmenistanyň futbol ýygyndysy sişenbe güni, 18-nji noýabrda öz meýdançasynda 2027-nji ýylyň Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bäşinji oýnunda Hytaý Taýbeýiniň ýygyndysyna garşy duşuşyk geçirer. Oýun «Arkadag» «akylly» şäheriň stadionda geçiriler we ol Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar.
10 müň orunlyk stadionda boljak oýna girmek mugt bolar. «Arkadag» stadiony üçin bu Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ikinji oýny bolar. 14-nji oktýabrda türkmen futbolçylary şu stadionda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 2:1 hasaby bilen ýeňipdi.
Bu duşuşyk D toparçasyndaky bäsleşik üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9 utuk toplap, şonça utugy bolan Taýland bilen (onuň hem 9 utugy bar) liderligi paýlaşýar we geçirilen dört oýunda ýeňlen Hytaý Taýbeýine garşy iň ýokary netijäni gazanmagy maksat edinýär.
D toparçanyň ugurdaş duşuşygy sişenbe güni Kolomboda Şri-Lanka bilen Taýlandyň arasynda geçiriler (sagat 15:15-de başlanar). Toparçadaky dartgynly ýagdaýyň ahyrky, altynjy tapgyra çenli dowam etmegi ahmal diýlip garaşylýar.
Bu Türkmenistan bilen Hytaý Taýbeýiniň ýedinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar. Taryhy taýdan Türkmenistanyň milli ýygyndysy doly üstünligi görkezýär — öňki alty duşuşygyň hemmesinde ýeňiş gazanyp, umumy hasapda biziň ýygyndymyz 15:3 üstün çykypdyr.
Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) häzirki reýtingine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 142-nji orunda, Hytaý Taýbeýiniň topary bolsa 174-nji orunda ýerleşýär. Bar bolan maglumatlara görä, türkmen futbolçylary meýdança ýaşyl eşikde çykarlar, garşydaşlary bolsa ak eşikde oýnarlar.
