«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyny «Yangi Uzbekiston» seýilgähinde Garaşsyzlyk binasyna gül goýmakdan başlady. Bu ýerde guralan dabara Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk binasy Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň keşbi ýerleşdirilipdir.
Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Hereketleriň strategiýasynyň ileri tutulýan bäş ugruny alamatlandyrýar.
