Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersiteti ýurduň 17 ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda breýn-ring bäsleşigini gurady.
Bäsleşik Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Breýn-ringde ýokary netijeleri görkezen Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary: Yhlas Kömekow, Aýläle Çaljaýewa, Güljahan Gurbanowa, Sapargylyç Sapargylyjow, Meňli Çaryýewa, Jennet Isgenderowa, Alp Arslan Taganow we Mähriýe Rozyýewa dagy ýeňiji boldy.
Ýeňiji talyplar Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersitetiniň birinji derejeli diplomy hem-de bäsleşigiň guralmagyna hemaýat eden edaralaryň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar — diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
