Lebap welaýatynda ýylyň başyndan bäri öndürilen elektrik energiýasynyň möçberi 4 milliard kilowat-sagatdan geçdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Çärjew etrabyndaky «Lebap», Döwletli etrabyndaky «Watan» döwlet elektrik stansiýalary bu sebitiň iň iri elektrik çeşmeleridir. «Lebap» eýýäm 11 ýyldan bäri sebitiň ýaşaýjylaryna hyzmat edip gelýär. Her biri 49,73 megawat bolan üç sany gaz turbinalarynyň gurulmagy netijesinde, onuň kuwwaty 432 megawata ýetdi.
Bu stansiýa her aýda içerki sarp edijilere we Owganystana, Özbegistana, Gyrgyzystana eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň 104 million kilowat-sagadyny öndürýär. Ýakynda elektrik stansiýasyna uzynlygy 125 kilometre barabar Üçajy — Zerger gaz geçirijisi birikdirildi.
«Watan» döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 254 megawata ýetýär. Gündogar sebitde her ýyl öndürilýän elektrik energiýasynyň 1,5 milliard kilowat-sagadyna golaýy 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän bu kuwwatly stansiýa degişli.
Geçen ýylyň 10 aýyny 3 milliard 915,9 million kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürmek bilen jemlän lebaply energetikler 2025-nji ýylda önümçiligi 4 milliard 46,8 million kilowat-sagada ýetirdiler. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 130,9 million kilowat-sagat elektrik energiýasynyň köp öndürilendigini we 3,3 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär.
