Amerikaly egin-eşik nysakçysy Anok Ýaý şu ýylyň model gyzy diýlip yglan edildi. Bu barada «Maximonline.ru» internet neşirine salgylanýan «Rambler.ru» habar berdi.
Ýeňiji zenana 1-nji dekabrda Londonda Britan moda geňeşi tarapyndan abraýly baýrak gowşurylar. «Anok häzirki zaman modasynyň güýjüni kesgitleýär, ol gözellik ölçeglerini özgerdýär, dünýä sahnasynda sungaty wagyz edýär. Onuň täsiri medeniýeti kemala getirýär hem-de geljekki nesli ruhlandyrýar» diýlip, geňeşiň çap eden metbugat habarnamasynda bellenýär.
Anok Ýaýyň moda sungatyndaky ýoly Zoluşka baradaky ertekä meňzeýär. Ol köçe fotografy suratyny alyp internetde çap edenden soňra, meşhur boldy. Anogyň fotosuratlary dessine sosial torlarda ýaýrap, moda agentlikleriniň ünsüni çekdi. Şeýdip, Günorta Sudandan gelen bosgun gyz meşhur dünýä brendleriniň ýüzi boldy.
Häzir Anogyň sosial tordaky sahypasynda 3 milliondan köp abunaçy bar. Muşdaklary ony özboluşly ýüz-keşbi üçin «başga planetaly gyz» diýip atlandyrýarlar.