Düýn Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pekiniň Halkara ylymlar uniwersitetiniň (BISU) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen BISU-nyň arasynda ylym we bilim ulgamynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. Onuň çäklerinde akademiki alyş-çalyşlar, hünär tejribeleri, dil maksatnamalarynyň ösdürilmegi hem-de bilelikdäki ylmy we medeni çäreleriň geçirilmegi ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy hytaý dili mugallymlaryny taýýarlamakda tejribe alyşmak, talyplaryň dil başarnyklaryny ýokarlandyrmak, emeli aňyň (AI) esasynda sanly okuw platformalaryna we serişdelerine goşulmak, şeýle hem gysga möhletli tejribeleri we tomusky mekdepleri guramak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirendiklerini beýan etdiler — diýip, çeşmede bellenilýär.
