Turkmenportal logo
14.11.25
1386513865
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynda emeli titrediji enjamlar bilen seýsmiki barlag işleri geçirilýär
Surat: Türkmenmetbugat

Lebap welaýatynda geofizika ekspedisiýasyna gelip gowşan Fransiýanyň «Sercel» kompaniýasynyň Nomad — 65 Neo kysymly emeli titrediji enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 5-si hem-de 508 XT kysymly seýsmiki geologik stansiýasy häzirki wagtda geologlar tarapyndan netijeli ulanylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýöriteleşdirilen täze enjamlaryň kömegi bilen Dänew etrabynyň çäklerinde degişli geologiýa-geofiziki barlag işleri ýola goýuldy. Welaýat geofizika ekspedisiýasynyň 61-nji geofiziki tapgyrynyň işgärleri 1 müň 60 kilometre barabar Kazyguýy we oňa ýanaşyk meýdançalarda seýsmiki barlag işlerini geçirýärler. Geologiki barlag işleri şu ýylyň birinji çärýeginden başlandy.

Emeli titrediji enjamlar oturdylan tehnikalar biri-birinden 50 metr aralykda ýerleşdirilip, birbada tolkun döredilýär. Olaryň birisi ätiýaçlykda saklanylyp, galan 4-siniň gatnaşmagynda goýberilýän maýyşgak tolkunyň energiýasy Ýer gabygynyň 3 müňden 6 müň metr çuňlugyna çenli ýetirilýär we yzyna serpikdirilýär.

Barlag geçirilýän meýdanda ýerleşdirilen seýsmiki kabul edijiler her 3-4 kilometr aralykdaky yzyna serpikdirilen tolkuny fiziki görnüşde kabul edip, seýsmiki stansiýa goýberýär. Şol ýerde kabul edilen tolkunlar seýsmogramma arkaly toplanylýar.

— Alnan maglumatlara görä, seljeriş işlerini geçirip, Ýer gabygynyň wagt görnüşinde kesimini alýarys. Ýer gabygynyň daýanç gatlaklary boýunça geologik şekilini öwrenýäris — diýip, welaýat geofizika ekspedisiýasynyň baş geology Maksat Jepbarow gürrüň berýär.

Täze enjamlaryň ulanylmagy bilen Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Hazarly meýdançasynda buraw işleri geçirilip, gazly gatlagyň üsti açyldy. Häzirki wagtda Dänew etrabynda geologiýa-geofiziki barlaglar alnyp barylýar.

Geljekde Amyderýanyň ýakasynda Mergen hem-de Günorta Mergen geologiki gurluşlarynda seýsmiki barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.