Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanda Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde «Türkmentel-2025» sergisiniň we halkara maslahatynyň çäklerinde Halkara startaplar forumy-2025-i açdy.
Forum Türkmenistanyň innowasiýa we sanly özgertmelerini ilerletmekde möhüm tapgyr boldy. Çäre sebitdäki geljegi uly bolan telekeçileri, döwlet edaralarynyň wekillerini, ösüş boýunça hyzmatdaşlary we hususy pudagyň öňdebaryjylaryny birleşdirip, dialog, hyzmatdaşlyk we bilim alyşmak üçin meýdança döretdi.
Forum BMGÖM-nyň halkara maslahatçysy tarapyndan hödürlenen IT-parky döwrebaplaşdyrmagyň ýol kartasynyň tanyşdyrylyşy bilen açyldy. Ýol kartasy innowasiýa merkezini döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany öz içine alýar, ol geljekde sebitde tehnologiýalar we telekeçilik boýunça merkeziň derejesine çykyp biler. Resminama Türkmenistanyň milli startap ekoulgamy boýunça güýçli we gowşak taraplaryň seljerilmesini, şeýle hem innowasiýalara esaslanýan ösüş mümkinçiliklerini özünde jemleýär.

Ýol kartasynda sanly özgertmeler üçin iň geljegi uly pudaklar hökmünde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba hojalygy we energetika görkezilýär. Bu pudaklarda tehnologiýalar ykdysady ösüş we durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikleri açyp biler.
Forumyň çäklerinde ýokary derejeli iki panel maslahat geçirildi: «Startap ekoulgamyny ösdürmek – ösüp barýan bazarlarda startaplary maliýeleşdirmek» we «Telekeçilik başarnyklaryny ösdürmek – inkubatorlar, akseleratorlar we bilim». Panel maslahatlaryna Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Estoniýadan, Ermenistandan we halkara guramalardan hünärmenler gatnaşdylar. Olar döwlet edaralaryna, bank we maliýe pudagyna, innowasiýa we tehnologiýa parklaryna, startaplara, bilim ulgamyna we ykdysady birleşiklere wekilçilik etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar startap ekoulgamyny döretmek üçin zerur hukuk we maliýe çäklerini, maýa goýum strategiýalaryny, işewür maýadarlaryň, bilelikdäki maýa goýumynyň we halkara maýadarlaryň ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem startap inkubatorlaryny we akseleratorlaryny döretmek we dolandyrmak boýunça iň oňat tejribeler, ýaş telekeçiligi ösdürmek strategiýalary, gender deňligini göz öňünde tutýan başlangyçlar we uniwersitetleriň hususy pudak bilen hyzmatdaşlygyny berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Sanly innowasiýalar indi hökmany bolmadyk goşmaça bolup durmaýar – olar inklýuziw ösüşiň, bäsdeşlige ukyplylygyň we durnukly ösüşiň strategiki hereketlendirijisidir» — diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan aýtdy. «BMGÖM Türkmenistanyň hökümeti bilen IT-parky döwrebaplaşdyrmak, telekeçiligi goldamak we dinamiki startap ekoulgamyny döretmek boýunça hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýar. Bu ekoulgam zenanlara, ýaşlara we ähli raýatlara sanly ykdysadyýete işjeň gatnaşmak üçin uly mümkinçilikleri açýar» —diýip, ol belledi.
Ol bilelikdäki işiň Türkmenistanyň tehnologiýalar, innowasiýalar we durnukly sanly özgertmeler babatynda sebitde öňdebaryjy bolmagyna esas döredýändigini nygtady.

Forum 14-nji noýabrda Aşgabatdaky «Iş Nokady» kowerking merkezinde dowam eder. Türkmenistandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler we startaplar öz tekliplerini hödürläp, bu babatda bilermenleriň pikirlerini alarlar we bilimlerini alyşarlar. Sebitleýin bilermenler we halkara hyzmatdaşlar Merkezi Aziýanyň startap ekoulgamyny ösdürmek we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.
