Türkmenistan sebitde häzirki zaman awiasiýa tehnikalaryny ornaşdyrmakda öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup durýar we raýat awiasiýasynyň ösüşine öňdengörüjilikli çemeleşmesini görkezýär. Bu barada Boeing kompaniýasynyň satuwlar boýunça direktory Pawel Çiçko «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» (ITTC – 2025) halkara maslahatynda nygtady.
«Türkmenistan hemişe öňdengörüjilikli hereket edýär hem-de raýat awiasiýasynyň ösüşine çynlakaý çemeleşmäniň nusgasyny görkezýär. Bu diňe häzirki zaman uçarlarynyň floty we howa menzilleriniň infrastrukturasynyň ösüşi bilen çäklenmän, milli awiakompaniýanyň ugurlarynyň ulgamyny giňeltmek boýunça uly meýilnamalaryna hem degişlidir» — diýip, Çiçko belledi.
Ol Boeing kompaniýasynyň Türkmenistanyň milli uçar gatnawlary kompaniýasy bilen onlarça ýyl bäri işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. «Bizde Boeing 737 uçarlaryna berk sargyt bar, olar bar bolan dar fýuzelýažly uçarlaryň flotyny täzeläp, oňat goşmaça bolar» — diýip, kompaniýanyň wekili aýtdy. Şeýle hem ol uzak aralykdaky ugurlary ösdürmek üçin giň fýuzelýažly uçarlaryň flotyny giňeltmekde hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.
Öz gezeginde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow «Boeing» kompaniýasy bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekilendigini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda 35 sany Boeing uçary satyn alyndy, ýakyn bir-iki ýylyň dowamynda bolsa ýurt amerikan öndürijisiniň täze uçar gämilerini satyn alar. Saburow kompaniýa bilen işgärleri taýýarlamak babatynda ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny hem belledi.
