Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Aragatnaşyk boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň (РСС) Ýerine ýetiriji komitetiniň baş direktory Alekseý Borodin XVIII Halkara «Türkmentel-2025» sergisiniň we ylmy maslahatynyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri» (ITTC) halkara maslahatynyň çäklerinde iş duşuşygyny geçirdiler.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Aragatnaşyk boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda telekommunikasiýalaryň ösüşi, sanlylaşdyrma we häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garalyp geçildi.
Duşuşyk taraplaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we sebitde maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.
Taraplar «Türkmentel-2025» forumynyň halkara guramalary bilen gatnaşyjy ýurtlaryň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigini bellediler.
