Finlýandiýanyň Nokia telekommunikasiýa kompaniýasy Türkmenistanyň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin wideo gözegçilik ulgamlaryny we uzakdaky magdan çykaryjy kän desgalary üçin nawigasiýa hyzmatlaryny öz içine alýan tehnologik çözgütleri teklip etdi. Bu barada kompaniýanyň Hazar sebitindäki we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky bölüminiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Balyçew Halkara «Türkmentel – 2025» sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde aýtdy.
Nokia kompaniýasynyň wekiliniň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm 20 ýyldan bäri Türkmenistanyň «Altyn asyr» döwlet kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär, ýurduň telekommunikasiýa ulgamynyň uly bölegi bolsa Finlýandiýanyň öndürijisiniň enjamlarynda guruldy.
«Energetika pudagynda işjeňligiň durnuklylygy zerur bolup durýar. Aragatnaşygyň üznüksizligi magdan çykaryjy kän kärhanalarynyň uzak we elýeterliligi çylşyrymly bolan ýerlerde ýerleşýändigini göz öňünde tutanyňda, örän möhüm ugur bolup durýar» — diýip, Balyçew belledi.
Nokia hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrunyň biri hökmünde Türkmenistanda bäşinji nesil (5G) aragatnaşyk ulgamlarynyň giňeldilmegine gatnaşmagyny görkezýär. Bilermeniň pikiriçe, 5G standartlarynyň ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine oňyn täsir eder.
Balyçew Türkmenistanyň sanly bazarynyň tehnologik täzelenişe taýyndygyny belläp, kompaniýanyň döwlet edaralary, nebit-gaz we logistika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga niýetlenýändigini nygtady.
