Aşgabatda geçirilen halkara «Türkmentel – 2025» sergisinde Face ID tehnologiýasyny ulanyp, aragatnaşyksyz töleg ulgamyny görkezdiler.
Bu tehnologiýany ýurdumyzda ornaşdyrmaga «Türkmen-Innowasiýa» kompaniýasy taýýardyr. Kompaniýa 2008-nji ýyldan bäri bank pudagy üçin sanly çözgütleri ornaşdyrmaga ýöriteleşýär we Verifone, PAX hem-de GRG halkara kompaniýalary bilen resmi hyzmatdaş bolup durýar.
«Türkmen-Innowasiýa» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mihail Kudrýaşowyň sözlerine görä, biometrik tölegler üçin enjamlar eýýäm doly derejede enjamlaýyn taýdan işlenip taýýarlanyldy we ýurdumyzda ornaşdyrmaga taýýar.
Ol bu tehnologiýanyň ilkinji nobatda bank pudagyna we giň sarp edijiler toparyna gönükdirilendigini düşündirdi. «Bu ulgam jemgyýetçilik ulaglarynda, bölekleýin söwda dükanlarynda, benzin guýujy beketlerinde, kafelerde we restoranlarda, şeýle hem ilata durmuş hyzmatlaryny edýän beýleki ugurlarda aragatnaşyksyz tölegiň amatlylygyny üpjün eder» — diýip, kompaniýanyň wekili belledi.
Kudrýaşowyň aýtmagyna görä, kompaniýa NBA Tehnologi International bilen hem hyzmatdaşlyk edýär, bu bolsa Türkmenistana halkara hil we howpsuzlyk standartlaryna laýyk häzirki zaman enjamlaryny getirmäge mümkinçilik berýär.

Ol kompaniýanyň ýurdumyzda birnäçe iri taslamany amala aşyrandygyny hem nygtady. «Biz banklar üçin kassa enjamlaryny oturtdyk, tutuş ýurt boýunça bankomatlara we terminallara tehniki hyzmat edýäris, şeýle hem milli iň çalt töleg ulgamyny ornaşdyrdyk. Bu ulgam raýatlara aragatnaşyk hyzmatlaryny, interneti, jemagat hyzmatlary, ýol gözegçilik gullugynyň jerimelerini we beýleki tölegleri dessine tölemäge mümkinçilik berýär» — diýip, «Türkmen-Innowasiýa» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy düşündirdi.
Onuň beren maglumatlaryna görä, kompaniýanyň Türkmenistanyň ähli bäş welaýatynda wekilhanalary we ofisleri bar, bu bolsa tutuş ýurtda giň hem-de netijeli hyzmaty üpjün edýär. «Bizde täze taslamalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak bilen meşgullanýan, şeýle hem müşderilere tehniki taýdan goldaw berýän ýokary derejeli hünärmenler topary işleýär» — diýip, Kudrýaşow sözüni jemledi.
