Türkmenistan milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman ulag infrastrukturasyny döretmek we sanlylaşdyrmagy ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalary işjeň durmuşa geçirýär. Bu ugurda emeli aň (EA) tehnologiýalarynyň, bulut tehnologiýalarynyň hem-de «elektron hökümet» ulgamynyň ornaşdyrylýandygyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew «Türkmentel — 2025» hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» halkara maslahatlarynyň açylyş dabarasynda belledi.
Wise-premýer bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga we maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny giňeltmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady.
«Häzirki wagtda Türkmenistanda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ulag infrastrukturasyny döretmäge, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, «elektron hökümet» ulgamyny ornaşdyrmaga, emeli aň we bulut tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen iri maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar» — diýip, Çakyýew belledi.
Ol ýurduň amatly geo-ykdysady ýagdaýynyň halkara üstaşyr mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga giň mümkinçilikleri açýandygyny, «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» ugurlary boýunça täze ulag-üstaşyr düzümleriniň döredilmeginiň Ýewraziýa giňişliginde özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri berýändigini belledi.
Çakýew sanlylaşdyrma boýunça üstünlikleriň «akylly» şäher Arkadag bilen baglydygyny hem nygtady. Bu ýerde öňdebaryjy sanly we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk ulgamynda 5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy «ýurdumyzda sanly ösüşiň täze tapgyryny» alamatlandyrdy.
Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine «2026 — 2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýardam berer.
Wise-premýer «Türkmentel — 2025» sergisiniň we halkara ylmy maslahatynyň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň görkezilýän hem-de tejribe alyşylýan halkara meýdançasy bolup durýandygyny ýatlatdy. Çärelere 80-den gowrak daşary ýurt kompaniýasynyň we 350-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagy Türkmenistana halkara maýadarlary üçin gyzyklanmalaryň artýandygyny görkezýär.
Çakyýew munuň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan «açyk gapylar» syýasaty bilen we döwletara gatnaşyklarynda deňhukuklylyk hem-de özara peýdaly şertler esasynda döredilen syýasy, ykdysady we hukuk binýady bilen berk baglanyşyklydygyny nygtady.
