Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara ylmy maslahat we sergi, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Utgaşykly ýagdaýda geçirilen sergide «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti emeli aň esasynda türkmen dilinde gürleýän robot tehnikasyny tanyşdyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu hojalyk jemgyýeti esaslandyrylmagyndan bäri geçen döwrüň içinde Türkmenistanda elektron senagatyň iri öndürijileriniň birine öwrüldi. Kärhana önümçiligiň gerimini yzygiderli artdyrmak bilen, ýurtda geçirilýän gözden geçirilişlere özüniň täze önümleri bilen gatnaşýar. Şu gezekki sergide hem «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti emeli aň esasynda türkmen dilinde gürleýän robot tehnikasy, öndürýän elektrik enjamlary, kabelleri, töleg, SIM we saglyk ätiýaçlandyryşyň maglumat kartlary, bankomatlary bilen tanyşdyrýar.
