Turkmenportal logo
12.11.25
1653016530
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýazbabanyň 13 ýurda syýahaty 21-nji noýabrda başlanar
Suratlar: Kluch.media

Bu ýyl Aýazbaba öz watany Beýik Ustýugdan syýahata başlap, dünýäniň 13 ýurduna barmagy meýilleşdirýär diýip, Russiýanyň Wologda oblastynyň hökümeti habar berdi.

Aýazbabanyň (Ded Moroz) baryp görjek ýurtlarynyň sanawynda Hytaý, Hindistan, Slowakiýa, Awstriýa, Italiýa, Germaniýa, Daniýa, Belgiýa, Fransiýa, Lýuksemburg, Niderlandlar, Ermenistan we Belarus Respublikasy bar. Syýahat 21-nji noýabrda başlanyp, dekabryň aýagynda tamamlanar.

Rus Aýazbabasy ilki Hytaýda bolar, 24-nji dekabrda bolsa, Minsk şäherinde syýahatyny jemlär. Syýahatyň maksady rus medeniýetini hem-de maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmekden ybarat diýlip, «rg.ru» ýazýar.