Türkmenistan «ADIPEC 2025» halkara energetika sergisine gatnaşdy. Sergi Abu-Dabide «Energiýa. Akyl. Täsir» şygary astynda geçirildi.
Milli pawilýon «Türkmen Energiýa Forum» tarapyndan gurnalyp, ondan «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy orun aldy.
Diwarlyklarda ýurduň esasy energetika desgalary tanyşdyryldy: «Galkynyş» gaz käni, TOPH gaz geçirijisi, Hazar deňziniň golaýyndaky nebit we gaz taslamalary, suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiligi we gazhimiýa kärhanalary. Maglumatlar 3D-model we multimediýa serişdeleri arkaly görkezildi. Guramaçylaryň maglumatyna görä, pawilýona 20 müňden gowrak adam tomaşa baryp görüpdir.
Serginiň çäginde türkmen wekiliýeti «ADNOC», «PETRONAS», «Dragon Oil» we «S&P Global» kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklerde ýataklary özleşdirmek, metanyň howa zyňylmagyna çäklendirmeleri girizmek we önümçilik proseslerini sanly ulgama geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýeri gelende bellesek, «ADIPEC 2025» forumynyň öňüsyrasynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebit we gazy – OGT 2025» atly forum hem geçirilipdi. Iki çäre hem Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.
