Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 10 - 12-nji noýabr aralygynda Wenada geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Gatnaşyjylar halkara ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk tertibi boýunça ulgamyny berkitmek, monitoring we barlag ulgamlaryny kämilleşdirilmek, şeýle hem gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeldilmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alnyp maslahatlaşýar.
Güljemal Saryýewa plenar mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny nygtamak bilen, oňa halkara ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak ulgamynyň esaslarynyň biri hökmünde garaýandygyny belledi. Türkmenistanyň bu şertnama ilkinjileriň hatarynda gol çeken we tassyklan döwletleriň biri bolup, yzygiderli esasda ählumumy howpsuzlygyny berkitmegiň hem-de ýadro ýaraglarynyň ýaýratmagynyň öňüni almagyň tarapdary bolup çykyş edýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň halkara monitoringiň ulgamyna gatnaşmak meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara monitoring ulgamynyň (IMS) düzümine girýän we maglumatlary halkara maglumat merkezine ygtybarly ugradylmagyny üpjün edýän PS44 «Alibek» Ilkinji seýsmiki stansiýasynyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Wena sapary dowam edýär.
