Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi üçin zerur çäreler görülýär. Bu işler bilen bir hatarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg etmek, hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Welaýatlaryň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda işler depginli alnyp barylýar.
Iş maslahatynyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatyň babadaýhanlarynyň şaly hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi. Döwlet Baştutany welaýatyň şalyçy babadaýhanlaryny gazanan zähmet ýeňişleri bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, iş maslahatynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.
