Turkmenportal logo
10.11.25
1441614416
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşkentde türkmen kompozitorynyň eseri ýerine ýetirildi

4-nji noýabrda Özbegistanyň Döwlet konserwatoriýasynyň Organ zalynda «Altyn güýz» atly kamera we simfoniki saz festiwalynyň çäklerinde konsert geçirildi. Çykyş Özbegistanyň at gazanan artisti Anwar Raımjanowyň ýolbaşçylygyndaky «Özbegistanyň solistleri» kamera orkestri tarapyndan görkezildi.

Konsertiň maksatnamasyna I.S.Bahyň, K.M.Weberiň, M.Raweliň, R.Nepesowyň we I.Pinhasowyň eserleri girizildi. Agşamyň esasy wakasy türkmen kompozitory, sungat işgäri Röwşen Nepesowyň täze eseri — «Nakgaşyň mirasy» atly aýdymynyň premýerasy boldy.

Eser özüniň duýga çuňlugy we milli öwüşginliligi bilen tapawutlandy. «Özbegistanyň solistleri» kamera orkestri ýurduň öňdebaryjy saz toparlarynyň biridir.

Röwşen Nepesow — türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň wekili bolup, onuň eserleri dürli konsert meýdançalarynda ýerine ýetirilýär.