«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Günbatargazakdyryş» müdirligi boýunça şu ýylyň geçen döwründe göz öňünde tutulan meýilnama 125 göterim berjaý edildi.
«Günbatargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleri 2025-nji ýylyň geçen on aýyny ýokary zähmet üstünliklerine beslemegi başardylar. Müdirlik boýunça şu ýylyň başyndan bäri 5 milliard 150 million 878 müň kub metr tebigy gaz sarp edijilere ýetirilip, bu baradaky meýilnama 125 göterim berjaý edildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Balkan welaýatynyň çägindäki jemi uzynlygy 1 müň 780 kilometrden geçýän ýokary basyşly gaz geçirijileriň ugurlaryndaky paýlaýjy beketleriň tehniki taýdan hemişe ygtybarly işledilmegi-de, ilkinji nobatda, kärhananyň öz işlerine ussat hünärmenleridir işçileriniň tagallaly zähmetlerine bagly bolup durýar.
Müdirligiň garamagyndaky ýokary basyşly gaz geçirijiler welaýatyň çägindäki ýataklardan alynýan «mawy ýangyjy» «Balkangazüpjünçilik» müdirligine, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna, «Balkanenergo» önümçilik birleşigine, «Balkan» sement zawodyna, «Awaza» we «Balkanabat» döwlet elektrik beketlerine, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Ahal welaýatyndaky sarp edijilerine bökdençsiz ýetirmäge hyzmat edýär.
