«Lebapgazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan ýylyň dowamynda çekilmegi göz öňünde tutulan 42 müň 360 metr gaz geçirijä derek çekilenleriniň möçberi 42 müň 387 metre ýetdi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
— «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň başyndan bäri ilatly ýerlere çenli 25,3 kilometrden gowrak eltiji gaz geçirijileri çekildi. Ilatly ýerleriň içine çekilen gaz geçirijileriň uzynlygy bolsa 17 kilometrden hem geçýär — diýip, müdirligiň zähmeti goramak we ýol hereketiniň howpsuzlygy bölüminiň başlygy Ramazan Genjiýew belleýär.
Şunda gaz geçirijileriň 30,8 kilometriniň oba ýerlerine çekilendigini aýratyn nygtamak gerek. Şäherçelerdir şäherlere çekilen ugurlar bolsa 11,5 kilometre ýetýär. Ýylyň dowamynda täze gaz geçirijileri çekmek işleri Türkmenabat şäherinde-de, Lebap welaýatynyň etraplarynda-da alnyp baryldy.
Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesine we şäheriň eteginde täze paýlanylan mellek ýerlerine çekilen gaz geçirijileriň uzynlygy 5 kilometre golaýlady. Mundan başga-da, öz işine ussat hünärmenler Darganata etrabynda 1, Dänew etrabynda 11,1, Çärjew etrabynda 6,6, Halaç etrabynda 3,3, Hojambaz etrabynda 8,4, Köýtendag etrabynda 6,4 kilometr, Saýat etrabynda 440 metr uzynlykda gaz geçirijilerini çekdiler.
Şeýlelikde, tutuş welaýatyň çäginde eltiji we içerki gaz geçirijileriniň umumy uzynlygy 8 müň 800 kilometre golaýlady. Gazy sarp edijilere ýetirmek üçin Lebap welaýaty boýunça gaz paýlaýjy beketleriň 406-sy, gaz sazlaýjylaryň 3 müň 477-si işledilýär.
