7-nji noýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň «Chimcomplex» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy jenap Ştefan Wuza bilen duşuşdy. Bu barada ilçihana habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda rumyn tarapyna Türkmenistanyň nebitgaz we senagat pudaklaryny ösdürmegiň esasy ugurlary, hususan-da, pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan syýasat, şeýle hem sebitiň uzakmöhletleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan ädimler barada maglumat berildi.
Gepleşikleriň dowamynda, rumyn kompaniýasy «Chimcomplex-iň» 2025-nji ýylyň 22 — 24-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «OGT 2025-e» gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi. Bu gatnaşyk nebitgaz we himiýa senagatyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýe boldy.
Taraplar Türkmenistan bilen «Chimcomplex» kompaniýasynyň arasynda, şol sanda gazy gaýtadan işlemek, himiýa önümçiligi we täze senagat taslamalaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ulgamynda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Jenap Ş.Wuza öz gezeginde kompaniýanyň işi barada maglumat berdi we Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda himiýa we energetika pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalara «Chimcomplex-iň» maýa goýumlaryny çekmek, tejribe alyşmak hem-de amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alşyldy. Şeýle-de taraplar özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek we hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny işläp düzmek maksady bilen, gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
