Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli «John Deere», «General Electric (GE)», «SpaceX», «Oppenheimer Holdings Inc.» ýaly kompaniýalaryň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada TDH-de habar berildi.
Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Ekspozisiýa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we senagatlaşdyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Amerikan tarapy Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk, dokma we gön önümlerine, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň saglygy goraýyş maksatly önümlerine ýokary baha berdiler. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplaryna aýratyn orun berildi.
Türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny ussatlyk bilen tanyşdyrdylar.
Soňra işewürlik maslahaty öz işine başlady. «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart maslahaty açyp, iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde Geňeşiň möhüm ornuny belledi we bu platformany has işjeň ulanmaga çagyrdy.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. 2008-nji ýylda Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen bu geňeş uzakmöhletleýin geljege niýetlenip, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Onuň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we maslahatlar iki ýurduň döwlet düzümleriniň, işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döredýär.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda türkmen işewürleriniň çykyşlaryna orun berildi. Amerikan kärdeşleri bilen pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen işewürleri ýurduň döwlete dahylsyz pudagynyň gazananlary hem-de maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Şunda Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we ýeňilliklere aýratyn üns çekildi.
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty diňe bir pikir alyşmak üçin meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, özara ykdysady dialogy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy hem-de bilelikdäki birnäçe iri we uzakmöhletleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze gözýetimleri açdy, anyk ugurlary kesgitledi. Foruma gatnaşyjylar onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we meýilleşdirilen işleriň iki dostlukly ýurduň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
