Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory-wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köpsanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagdan haýyş etdi.
Doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystandaky ýertitremeden ejir çeken çagalara we ýaşaýjylaryna Gaznanyň adyndan ynsanperwer kömegini ibermegiň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadag bu babatda Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory-wise-prezidenti O.Atabaýewa hem-de Gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa degişli tabşyryklary berdi.
Ynsanperwer kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit, şeýle hem egin-eşik önümlerini we beýleki durmuşda zerur bolan önümleri ibermeli diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa ähli meseleler boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
