Turkmenportal logo
03.11.25
2153721537
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde  Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Ol Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmana Türkmenistan  bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

— Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygymyzy täze ugurlar boýunça ösdürmäge uly mümkinçilik bar diýip hasap edýärin — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow duşuşykda aýtdy we Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan, karbamid öndürmäge niýetlenen toplumyň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.  

Işewür netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler  üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn  üns berilýändigini aýdyp, «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň  ýolbaşçysy Eisaku Ito işinde üstünlikleri arzuw etdi.