Turkmenportal logo
02.11.25
1708117081
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndysy 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazandy

Türkmenistanyň woleýbol boýunça erkekler ýygyndysy Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde tamamlanan «CAVA Cup for Men 2025» halkara woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy. Türkmen türgenleri bu ýaryşda bir oýunda-da ýeňilmän, finalda Owganystanyň toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi.

Ýaryşa jemi alty topar gatnaşdy: Türkmenistan, Bangladeş, Nepal, Maldiwler, Şri-Lanka we Owganystan. Toparçalaýyn tapgyrda türkmenistanly türgenler Nepaly 3:0, Şri-Lankany 3:1, Owganystany 3:1 we Maldiwleri 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňmegi başardylar. Şeýle-de bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy özüniň ýeke-täk çynlakaý garşydaşy bolan Bangladeşiň toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi.

Final duşuşygy Owganystan bilen dartgynly ýagdaýda geçdi. Türkmen woleýbolçylary iki gezek hasaby deňlemäge mejbur boldular (2:2). Türkmenistanyň ýygyndysy aýgytlaýjy bäşinji setde 1:6 hasaby bilen yza galan hem bolsalar, duşuşygyň barşyny özlerine tarap öwürmegi başaryp, ýeňiş gazandylar.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň iki oýunçysy aýratyn tapawutlandy: Bagtyýar Hemragulyýew ýaryşyň iň gowy hüjümçisi, Akmyrat Döwletow bolsa iň gowy baglanyşygy üpjün ediji oýunçy hökmünde ykrar edildi.

Bu ýeňişli çykyşy Türkmenistanyň ýygyndysyna 2026-njy ýylda geçiriljek Aziýanyň woleýbol boýunça çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazandyrdy — diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.