29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Kluž-Napoka şäherindäki Babeş-Bolýaý uniwersitetiniň Türkologiýa we Merkezi Aziýany öwreniş institutynyň professory, türkologiýa boýunça bilermen, hanym Margaret Aslan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar medeni we ylmy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ynsanperwer we akademiki gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň çuňlaşmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň baý ruhy we edebi mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat edýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Buharestdäki diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, taraplar özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şol sanda bilelikdäki ylmy çäreleri hem-de medeni taslamalary guramaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hormata hem-de türki halklaryň medeni giňişligini ösdürmekdäki gyzyklanmaga esaslanýan dostluk we hyzmatdaşlyk däplerini berkitmek isleglerini tassykladylar.
