Italiýada pissäniň bitginsiz bolmagy «Nutella» hozly pastasynyň gytlygyny döredip biler diýip, «Spiegel» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Nutella» pastasyny öndüriji «Ferrero» kompaniýasy pissäni Italiýadan we Türkiýeden satyn alýar. Emma Ýewropa ýurdunda pisse hasyly soňky onýyllykda iň pes derejede, 2024-nji ýyldakydan bolsa iki esse az boldy, ýagny onuň 70 müň tonnasy öndürildi.
Türkiýede hem pissäniň önümçiligi aýazly howa sebäpli pese gaçdy. Indi önümçilikçiler pissäni Hytaýdan satyn alyp başlarlar diýlip garaşylýar.
«Nutella» pastasynyň düzüminde pisse 13 göterime golaý, şonuň üçin bilermenleriň pikiriçe, taýýar önüme garanyňda, hozuň bahasy has gymmatlar.
Soňky üç ýylda pisseli önümler Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda 27-65 göterim gymmatlady.
