Koreýa Respublikasynyň kompaniýasy «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» 2025-nji ýylyň 3-4-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi — CIET 2025» halkara maslahatyň we serginiň altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Altyn hemaýatkärlik derejesi koreýaly potratçy bilen Türkmenistanyň arasynda energetika we senagat ulgamyndaky strategik hyzmatdaşlygy görkezýär.
1973-nji ýylda esaslandyrylan «Daewoo E&C» 50 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir. Kompaniýa 30-dan gowrak ýurtda energetika desgalarynyň, infrastrukturanyň we senagat toplumlarynyň gurluşygyna ýöriteleşip, taslamalary amala aşyrýar.
Koreýa Respublikasynyň kompaniýasy 2022-nji ýyldan bäri türkmen bazarynda işjeň hereket edýär. «Daewoo E&C-iň» ýurtda alyp barýan iň uly taslamasy Türkmenabat şäherinde mineral dökünleri öndürýän zawodyň gurluşygydyr. Kärhana ýylda 350 müň tonna fosfat dökünlerini we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürmegi meýilleşdirýär. Taslamanyň 2028-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.
«Daewoo E&C-iň» CIET 2025-e gatnaşmagy maslahatyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga we tejribe alyşmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de sebitiň energetika pudagynda durnukly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma döretmäge gönükdirilendir.
Forum baradaky täzelikleri we onuň doly meýilnamasyny şu www.ciet-turkmenistan.com resmi web sahypadan yzarlap bolar.
