«Microsoft» korporasiýasyny esaslandyryjy milliarder Bill Geýts howanyň üýtgemegi, käbirleriň howsala düşýändigine garamazdan, adamlaryň ýok bolmagyna getirmez diýdi.
«Howanyň üýtgemegi aýratyn hem garyp ýurtlardaky adamlar üçin çynlakaý netijelere getirip biljekdigine garamazdan, uly kynçylyklary döreder, emma adamzadyň ýok bolmagyna getirmez» diýip, Geýts «Gates Notes» saýtynda çap eden makalasynda belledi. Ol adamlaryň geljekde Ýeriň sebitleriniň köpüsinde ýaşap, gülläp ösüp biljekdigine ynanýar.
Geýts parnik gazlaryň zyňyndylary boýunça çaklamalaryň peselýändigine ünsi çekip, dogry syýasy ädimleriň, maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň zyňyndylary has-da azaldýandygyny nygtady. Emma milliarderiň pikiriçe, zyňyndylary has-da azaltmakda gysga möhletleýin däl-de, durmuşy gowulandyrjak uzak möhletli çärelere üns çekmek gerek.
Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.
