Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow 6-njy noýabrda Waşingtonda geçiriljek «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
«2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler we oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar» diýlip, habarda bellenilýär.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Serdar Berdimuhammedowy Ak tama çagyrandygy barada ozal habar berlipdi. Duşuşykda ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
