Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň guramagy bilen Germaniýaly we Özbegistanly bilermenleriň gatnaşmagynda Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda we oňa golaý ýerlerde ýaryganatlary öwrenmek, olaryň görnüşlerini, sanyny hasaba almak, täze görnüşleri aýan etmek boýunça ylmy-barlagdyr gözegçilik işleri geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Ylmy barlaglar Gaplaňgyr belentligi, Baleýşem obasynyň gapdalyndaky akabanyň ugry, Uzynşor kölüniň meýdany, Ýedihowuz meýdany, Zeňňibaba kölüniň meýdany, Tärimgaýa belentligi, Sarygamyş kölüniň Mergenaşan jary, Bötendag belentligi we onuň demirgazyk tarapyndaky Derýalyk zeý suw akabasynyň ugry, Nalaç Baba gyry, Köneürgenç ýadygärlikler toplumy, Diýarbekir galasy ýaly ýerlerde alnyp baryldy.
Geçirilen gözegçiligiň çäginde ýaryganatlaryň 8 görnüşi hasaba alyndy. Işiň ilkinji güni Gaplaňgyr belentliginden başlandy. Gaplaňgyr belentligi we Baleýşem obasynyň aralygynda akabanyň ugrunda ýaryganatlaryň bar bolan görnüşlerini anyklamak boýunça degişli işleri geçirildi we bu ýerde onuň 1 görnüşi (Ortaýer deňiz ýaryganaty — Средиземноморский нетопырь — Pipistrellus kuhli) hasaba alyndy. Bu ýaryganat goraghananyň sanawynda täze görnüş boldy.

Uzynşor kölüniň meýdanynda ýaryganatlaryň görnüşlerini anyklamak boýunça barlag işleri geçirilende olaryň 4 görnüşi hasaba alyndy. Ýaryganatlaryň arasynda giçki ýaryganat goraghana üçin täze görnüş bolsa, tokaý göýdük ýaryganaty Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistan üçin täze görnüş hasaplanýar. Bu görnüş Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanyndaky Uzynşor köli sebitinde hasaba alyndy.
Ýedihowuz meýdanyndaky sardoba barlananda ýaryganadyň 1 görnüşi (göýdük ýaryganat) hasaba alyndy. Şol güni agşamyna ýarganatlaryň görnüşlerini anyklamak üçin barlag işleri geçirilende Zeňňibaba kölüniň meýdanynda Gaňňagyr belentliginiň gowagynda ýaryganadyň 2 görnüşi hasaba alyndy.
Gulakman türkmen ýaryganatyny gözläp tapmak halkara bilermenleriň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi bu görnüş, berilýän maglumatlara görä, 55 ýyl mundan öň hasaba alnypdyr, şondan bäri onuň saklanyp galandygy ýa-da galmandygy näbellidi. Geçen ýarym asyrdan gowurak wagtdan soň häzirki günde türkmen ýaryganaty Zeňňibaba kölüniň demirgazyk-günbatar tarapyny gurşap alýan Gaňňagyr belentliginden tapyldy.
Ýaryganatlaryň görnüşlerini anyklamak boýunça gözegçilik işleri Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag belentliginiň demirgazyk tarapynda Derýalyk zeý suw akabanyň kenarynda ýerleşýän gowakda dowam etdirildi. Bu gowak türkmen ýaryganatynyň duşýan ýeriniň ikinji nokadyna öwrüldi. Başga-da buhara nalburny, uly nalburun we göýdük ýaryganat hasaba alyndy. Şeýle-de Nalaç Baba gyrynyň günbatarynda geçirilen gözegçilikde buhara nalburny, Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň günorta-gündogar tarapyndaky Akgala galasynda göýdük ýaryganaty hasaba alyndy.
Goraghananyň we oňa golaý ýerlerde geçirilen ylmy-barlag işleriň netijesinde ýaryganatlaryň 8 görnüşi hasaba alyndy. Olardan Tokaý göýdük ýaryganaty Türkmenistan, şeýle hem bütin Orta Aziýa üçin täze görnüş, Gulakman türkmen ýaryganaty XX asyryň 70-nji ýyllaryndan soň ilkinji sapar Türkmenistanda tapylan görnüş, Ortaýer deňiz ýaryganaty we Giçki ýaryganat goraghana üçin täze görnüş hasplanýar.
Berilýän maglumatlara görä, tokaý göýdük ýaryganatynyň bu meýdanlarda hasaba alynmagy onuň ýaýrawunyň has gündogara süýşendigi bellenýär.