Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Sasaki Hiroşi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, şeýle hem Ýaponiýanyň aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça taýýarlyk işleri işjeň alnyp barylýan beýleki telewizion desgalara baryp gördi. Bu barada Ýaponiýanyň ilçihanasynyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berilýär.
Saparyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Meýlis Rejepow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň telewideniýe we radiogepleşikler ulgamy boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar geçirildi diýip, çeşme belleýär.
