Turkmenportal logo
21.10.25
1423214232
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen arçasy ilkinji gezek Arkadag şäherinde köpçülikleýin ekiler 

Şu gün  Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine hem bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly,  Gahryman Arkadag her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen we ýurduň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. 

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa  täze şäheriň çäklerinde  ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri  barada aýdyp, ýurduň ussat bagbanlarynyň ösdürip ýetişdiren türkmen arçasynyň nahallarynyň şu gezekki bag ekmek möwsüminde köpçülikleýin ekilmegini teklip edýändikleri barada hasabat berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy ilkinji gezek Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny makullap, bag nahallary ekilensoň, olara agrotehniki  kadalara  laýyk gelýän ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we degerli maslahatlaryny berdi.