Turkmenportal logo
21.10.25
1889518895
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu gün «Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynda «Sepahan» bilen oýnaýar

«Ahal» futbol kluby  şu gün — 21-nji oktýabrda AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji oýnunda Eýranyň «Sepahan» topary bilen myhmançylykda duşuşyk geçirer. Oýun Isfahan şäheriniň «Nakş-e Jahan» stadionynda bolar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlar. Oýnuň göni ýaýlymy Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi YouTube kanalynda tomaşa edip bolar.

Ilki başda bu oýun Arkadag şäherinde geçirilmelidi, emma AFK-nyň karary bilen duşuşyk Eýrana geçirildi.

Iki tapgyrdan soň C toparçasynda Iordaniýanyň «Al-Hussein» kluby 6 utuk bilen birinji orunda barýar. Bu topar «Sepahan» bilen öz meýdançasynda 1:0 we «Ahal» bilen myhmançylykda 4:1 hasaby bilen ýeňiş gazandy.

«Ahalyň» ýaryşdaky ýagdaýy AFK-nyň Hindistanyň «Mohun Bagan» klubuny ýaryşdan çykarmak baradaky karary bilen çylşyrymlaşdy. Bu karar bilen türkmen klubunyň Hindistanyň çempiony bilen 1-nji tapgyrda gazanan 1:0 ýeňşi hem ýatyryldy. Hindistanly topar «Sepahan» bilen myhmançylykdaky oýnuna gatnaşmandygy üçin ýaryşda çykaryldy.

AFK-2 Çempionlar ligasynyň häzirki möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryna 22 ýurtdan 31 topar gatnaşýar. Klublar geografik taýdan Günbatar we Gündogar zolaklara bölünýär. Her toparçanyň iki iň gowy topary pleý-off tapgyryna çykmaga hukuk gazanar.