Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler. Taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen, owgan halky üçin täze iş orunlary dörär. Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Owganystanyň Hyrat welaýatynda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisdäki çykyşynda aýtdy.
— Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer. Şoňa görä-de, bu taslamalar umumy maksada – biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir — diýip, Gahryman Arkadag belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýandygy üçin edermen türkmen gazçylaryna, şeýle hem bu taslamany goldandygy we ony amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
— Goý, türkmen we owgan halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary hemişe gülläp össün! — diýmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri iri taslamanyň wajyp bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.

