Turkmenportal logo
20.10.25
1927519275
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
23–25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler
23–25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler

23–25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar.

Bu waka bilen baglylykda, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hyzmatdaşlary, jemgyýetçilik wekillerini we metbugat işgärlerini bu dabaralara gatnaşmaga çagyrýar.

23-nji oktýabrda 14:00-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçiriler. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG 2026–2030-njy ýyllar üçin durnukly ösüş boýunça bilelikdäki ileri tutulýan ugurlary kesgitleýän täze Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekerler.

24-nji oktýabrda sagat 18:00-da «Mukamlar köşgüniň» foýesinde «BMG – 80 ýyl» atly taryhy fotosergi açylar. Ol BMG-niň taryhyndaky möhüm pursatlary we guramanyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny görkezýär. Soňra şol ýerde sagat 19:00-da «Parahatçylygyň we umydyň sazlary» ady bilen simfoniki konsert geçiriler.

25-nji oktýabrda sagat 11:00-da BMG–80 marafonlary ýurduň ähli sebitlerinde — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň şäherlerinde başdalga berler.

BMG agentlikleri we ýerli hyzmatdaşlar türgenler hem-de jemgyýetçilik toparlary bilen bilelikde parahatçylygy, agzybirligi we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen özboluşly sport marafonlaryny gurarlar. Marafona hasaba alynmak üçin aşakdaky salgylanmalara geçiň:

Ahal
Mary
Lebap
Balkan
Daşoguz