Turkmenportal logo
18.10.25
1718217182
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumyna taýýarlyk görülýär

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy.

Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk»,  «Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek» atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara forumy ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.