«Zyýat Hil» kompaniýasy ýaş toýlary üçin jikme-jiklikler göz öňünde tutulyp, söýgi bilen döredilen tortlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Her tort diňe bir süýjülik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dabaranyň ajaýyp tagamy we özboluşly dizaýny özünde jemleýän hakyky bezegidir.
Müşderilere nusgawy görnüşdäki hem-de özboluşly bezeg aýratynlyklary bolan miweli, şokoladly, gaýmakly, çagalar üçin niýetlenen we tematiki tortlar hödürlenilýär. Körpeler üçin olaryň halaýan multfilm gahrymanlary bilen bezelen tortlar, ulular üçin bolsa minimalistik ýa-da baýramçylyk äheňinde bezelen bilen ajaýyp tortlar taýýarlanylýar.

Müşderilere amatly bolar ýaly, sargytlar dynç günsüz, her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär, bu bolsa islendik wagt, hatda iň hysyrdyly günlerde-de sargyt etmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýa hyzmata aýratyn üns berýär: 150 manatdan başlaýan bahalardan sargyt edilende Aşgabada we Gökdepe etrabyna eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar. Munuň özi öýden çykmazdan, ýakynlaryňyzy begendirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
«Zyýat Hiliň» tortlary diňe täze önümlerden taýýarlanylýar, her sargyt müşderileriň ähli islegleri göz öňünde tutulyp, aýratynlykda ýerine ýetirilýär.

«Zyýat Hil» — her ýaş toýunyň hakykatdan hem süýji bolmagy üçin!
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
