14-15-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) dolandyryjy edarasy bolan Administratiw geňeşiň mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň möhüm netijeleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäheri ÝPG-niň altyn medaly bilen sylaglandy. Bu medal Ýewraziýa patent guramasynyň ilkinji prezidenti, guramanyň esaslandyryjysy Wiktor Iwanowiç Blinnikowyň adyny göterýär.
W.I.Blinnikowyň adyndaky altyn medal oýlap tapyşlar ulgamynda we Ýewraziýa sebiti boýunça oýlap tapyşlaryň hukuk taýdan goragyny ösdürmäge saldamly goşant goşan oýlap tapyjy şahslara, hünärmenlere hem-de ýuridiki taraplara berilýär.
ÝPG-niň beýannamasynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri – Türkmenistanda ýerleşýän özboluşly şäher bolup, ol ýerde öňdebaryjy tehnologiýalar gündelik durmuşa doly ornaşdyrylandyr: ulag hereketiniň dolandyrylyşy, yşyklandyryş, şäheriň hojalyk hyzmatlary we howpsuzlyk ulgamlary häzirki zaman akylly çözgütler arkaly üpjün edilýär. Şäher köp sanly oýlap tapyşlaryň, patentleriň we «nou-hau» tehnologiýalarynyň synag meýdançasydyr. Arkadag şäheri innowasiýalaryň we intellektual eýeçiligiň durnukly hem-de rowaç gelýän geljegiň binýadyna öwrülip biljekdigini aýdyň görkezýär.
Aşgabatda geçirilen mejlisiň netijesinde birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Mejlisde ÝPG-niň Gaaga ylalaşygynyň Ženewa aktyna goşulmagy baradaky karar kabul edildi. Munuň netijesinde gurama senagat nusgalarynyň halkara hasaba alyş ulgamynyň doly gatnaşyjysyna öwrüler. Şeýle-de aýry-aýry tölegleriň möçberleri indekslendi. Oňa laýyklykda, täze bahalar 2026-njy ýylyň 1-nji fewralyndan güýje girer.
Mundan başga-da, ÝPG-niň 2000-nji ýylyň 1-nji iýunynda kabul edilen Patent hukugy baradaky Ylalaşyga goşulmagy makullanyldy. Bu şertnama patent amallarynyň düzgünleşdirilişini ýönekeýleşdirýär. Guramanyň kadalaşdyryjy resminamalary bu halkara şertnamanyň kadalaryna doly laýyk getirildi.
Mejlisiň jemlerine görä, Ekspertiza meseleleri boýunça iş topary döredildi. Bu topar tejribe alyşmaga, iň gowy tejribeleri ornaşdyrmaga we patent seljeriş ulgamyny kämilleşdirmäge ýardam berer.
Şeýle hem Ýewraziýa patent konwensiýasyna degişli Patent görkezmesiniň käbir düzgünleri täzelenildi.
