Roll tagamlary «Soltan» restoranynyň nahar sanawynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi — bu asla tötänleýin däl. Myhmanlar roll tagamlaryny olaryň täzeligi, tagamynyň sazlaşygy we hemişe ýokary hilli taýýarlanylýandygy üçin söýýärler. Bu ýerde roll tagamlarynyň ähli görnüşleri: gyzylbalyk we hyýar bilen nusgawy görnüşlerden başlap, işdä açyjy gowrulan we bişirilen görnüşlerine çenli taýýarlanylýar.
Her görnüşiň öz taryhy bar. Nusgawy roll tagamlary — sadalygy we sazlaşygy söýýänler üçin. Gowrulan roll tagamlary — baý hem kibirdäp bişen tagamyndan lezzet alýanlar üçin. Bişirilen roll tagamlary — sous we erän peýnir bilen ýylylyk we rahatlyk duýgusyny döredýär.

«Soltan» restoranynyň zähmetsöýer topary her bir roll tagamynyň täze, hoşboý ysly we kämil taýýarlanylmagy üçin oňa goşulýan ähli goşundylary ünsli saýlaýar. Wasabi, zenjebil we sous bilen hödürlenýän roll tagamlary onuň hakyky muşdaklary üçin lezzetli tagama öwrülýär.
«Soltan» restoranlary Aşgabat şäheriniň dürli künjeklerinde ýerleşýär, bu bolsa şäheriň ýaşaýjylarynyň özlerine iň ýakyn nokady aňsatlyk bilen tapmagyna mümkinçilik berýär.
«Soltan» restoranlarynyň salgylary we telefonlary:
«Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefonlary: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
«Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefonlary: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81.
«Soltan» restoranynyň roll tagamlary — gaýta-gaýta dadyp görmek isleýän tagamyňdyr!
