Täze Zelandiýanyň ady 2253 sözden durýan ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CNN teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ýagny 60 ýaşly Lourens Uotkinsiň gürrüň bermegine görä, onuň doly adyny aýtmak üçin 20 minut töweeregi wagt gerek. Sebäbi onuň adynda 2253 söz bar, hut şu hem onuň dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegine esas berdi.
Özüniň geň adyny erkek kişi 1990-njy ýylds oýlap tapdy. Lourens Gregori Uotkins «Hala ynanyň, hala ynanmaň!» teleşowhunyndan hem-de rekordlar kitabyndan ruhlanyp, dünýäde iň uzyn at oýlap tapmak kararyna geldi.
Bir aýyň dowamynda ol dürli çeşmelerden – latyn we köne iňlis çeşmelerinden tä samoa, hytaý we ýapon çeşmelerine çenli öwrendi, hatda maori diliniň sözlügine çenli dörüp çykdy. 1990-njy ýylda Oklendiň Ýokary kazyýetinde ol özüniň alty sahypada çap edilen täze adynyň eýesi boldy.
1991-nji ýyldaky ilkinji nika toýunda Uotkins öz adynyň audioýazgysyny eşitdirdi, ol 20 minut dowam etdi.
Gündelik durmuşda ol ýönekeý adyň eýesi – Lourens Alon Eloý Uotkins. Gol çekende Uotkins V diýip çekmek bilen, maşgalasynyň bäşinji arkasyny görkezýär. Töweregindäkileriň ýaňsylamalaryna garamazdan, ol öz üstünligine guwanýar.
Täze Zelandiýanyň täze kanunçylygyna laýylykda, şeýle atlary indiden beýläk hasaba aldyrmak bolmaýar, şonuň üçin Uotkinsiň adynyň öňüne geçjek ýok.
