BMG-niň Aşgabatdaky binasynda ÝUNISEF-iň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň çäginde jemgyýetçilik we özüňi alyp barşyň üýtgemegine bagyşlanan çäre geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeň habar berildi.
Interaktiw mejlise Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Milli bilim institutynyň, habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem DÖM-iň ýaş ilçilerini-de öz içine almak bilen degişli müdirlikleriň wekilleri gatnaşdy.
Hünärmen Luka Solimeo «Dünýäde we ÝUNISEF-de jemgyýetçilik we özüňi alyp barşyň üýtgemegi näme?» diýen esasy çykyş bilen çykyş etdi.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşanlar akyl näsaglygynyň zyýansyzlandyrylmagy hem-de jemgyýetçilik we özüňi alyp barşyň üýtgemegi düşünjesiniň Türkmenistanda ulanylyşy, şol sanda «Ene-atanyň portretiniň» derňewi we ene-atany goldamak boýunça synag maksatnamasynyň netijeleri barada jikme-jik pikir alyşdylar. Onuň barşynda «Bäş ýaşa çenli çaganyň ösüşine gözegçilik etmek boýunça ene-atalar üçin gollanma» aýratyn üns berildi.
Interaktiw toparlaýyn iş çaga hukuklaryna we eşretine täsir edýän özüňi alyp barşyň kartasyny düzmäge gönükdirildi. Çekişme her bir hyzmatdaş guramanyň jemgyýetçilik kadalara we raýatlaryň özüni alyp barşyna täsir etmekdäki wezipesini kesgitlemek bilen tamamlandy.
