Balkan welaýatynda pagtaçylaryň meýdan şertlerindäki jogapkärli zähmetine goldaw bermek maksady bilen, olar üçin medeni çäreler we konsertler guralýar.
Pagta meýdanlaryna sungat ussatlarynyň göçme çykyşlary Türkmenistanyň welaýat we etrap kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmeleriniň guramagynda geçirilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, häzirki zaman aýdymlary, sazlar, folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary pagtaçylara uly şatlyk berýär.
Mysal üçin, Bereket etrabynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesi kärendeçileriň, kombaýnçylaryň we awtoulag sürüjileriniň arasynda dürli bäsleşikleri hem geçirýär.
Hünär ussatlygyny görkezýän ýeňijilere dabaraly ýagdaýda hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.
Çeşmede bellenilişi ýaly, şu ýyl welaýatda gowaça ekilen 13 müň gektar meýdandan bol hasyl almak bilen, ýokary hilli pagta ýygnalmagy meýilleşdirilýär.
